Si Szinpin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy doglan güni bilen gutlady

MilliInfo
Si Szinpin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy doglan güni bilen gutlady

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy doglan güni bilen gutlady. Dostlukly ýurduň lideriniň Gutlag hatynda iň gowy arzuwlar beýan edilýär. Bu barada «TDH» habar berdi.

Si Szinpin öz hatynda geçen ýyl hormatly Prezidentimiziň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Týanszin sammitine hem-de ikinji jahan urşunda hytaý halkynyň gazanan ýeňşiniň 80 ýyllygyna bagyşlanan dabaralara gatnaşmak üçin Hytaýa amala aşyran saparyňyzyň dowamynda Pekinde geçirilen duşuşykda Hytaý bilen Türkmenistanyň arasynda däp bolan dostlukly gatnaşyklary hem-de dürli ulgamlardaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak boýunça pikir alşylandygyny ýatlady.

«Men hytaý-türkmen gatnaşyklarynyň ösdürilmegine uly üns berýärin we iki ýurduň halklarynyň bähbidine Hytaýyň hem-de Türkmenistanyň «Bitewi ykbal bileleşigini» gurmagy ilerletmek üçin bilelikde tagalla etmäge taýýardyryn» — diýip, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Gutlag hatynda belleýär.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info