«Simfoniýanyň jadysy»: Aşgabatda Rasul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky orkestriň täze konserti geçiriler

MilliInfo

10 Noýabr, 2026

«Simfoniýanyň jadysy»: Aşgabatda Rasul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky orkestriň täze konserti geçiriler

21-nji noýabrda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde «Simfoniýanyň jadysy» atly konsert guralar. Diňleýjileriň öňünde ýurdumyzyň at gazanan artisti Rasul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri çykyş eder.

Sazly agşamyň maksatnamasyny dünýäniň nusgawy aýdym-saz sungatynyň ykrar edilen gymmatlyklary — Dmitriý Şostakowiçiň we Pýotr Iliç Çaýkowskiniň ajaýyp eserleri düzer.

Konsertiň başlanýan wagty — 19:00.

Petekleri satyn almak we goşmaça maglumatlary almak üçin: 72-45-12 we +993 (63) 46-71-77.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info