Sankt-Peterburg şäheriniň wise-gubernatory Wladimir Omelniskiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Türkmenistana iş sapary dowam edýär.
Saparyň maksatnamasy «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna baryp görmekden başlandy. Onda peterburgly myhmanlar Beýik Watançylyk urşunyň gahrymanlarynyň hem-de gabawda galan Leningrady goraýjylaryň hormatyna gül desselerini goýdular.
Soňra Russiýa Federasiýasynyň ilçihanasynda gabawda wagty Leningradda doglan (1943 ý.) Galina Alekseýewna Mamedowa bilen duşuşyk geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda iki halkyň taryhy birek-birege özara goldawy bellenilip geçildi: uruş ýyllarynda Türkmenistan ýaşaýan ýerinden göçürilen 32 müň töweregi leningradlyny gujak açyp kabul etdi.
Iki taraplaýyn gatnaşyklary berkitmegiň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa bilen gepleşikler geçirildi. Taraplar medeni-ynsanperwer gepleşikleri ösdürmegiň takyk çärelerine seretdiler. Hatda, Sankt-Peterburgyň wekilleri Aşgabatda peterburg teatrlarynyň saparlaryny ham-da öňdebaryjy muzeýleriň sergi ekspozisiýalaryny guramagy, lukmançylyk ulgamynda yzygiderli tejribe hyzmatdaşlygyny ýola goýmagy teklip etdiler.
