Adalatçynyň maglumatynda 2024-nji ýylyň jemi boýunça ýurdumyzda adam hukuklary babatda ýagdaý beýan edildi

MilliInfo

28 Awgust, 2025

Türkmenistanyň resmi köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde Türkmenistanyň adam hukuklary boýunça ygyýarly wekiliniň — Adalatçynyň işi we ýurtda adam hukuklary babatda ýagdaýyň 2024-nji ýylyň jemi boýunça maglumaty hödürlendi.

Kanun esasynda, Adalatçynyň her ýyl bu maglumaty taýýarlamagynyň esasy maksady şulardan ybarat bolup durýar:

  • döwlet häkimiýet edaralaryny, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryny, halkara guramalaryny we raýat jemgyýetçiligini ýylyň dowamynda Adalatçynyň diwany tarapyndan ýerine ýetirilen işler, şeýle-de Türkmenistanda adam hukuklary we azatlyklary babatda ýagdaý bilen tanyşdyrmakdan;       

  • Adalatçynyň Türkmenistanda adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak we ilerletmek boýunça maksatlaryny we wezipelerini, işiniň netijelerini jemgyýetçilige ýetirmekden;

  • adamyň hukuklary we azatlyklary, olary goramagyň görnüşleri we usullary babatda  raýatlaryň hukuk sowatlylygyny  ýokarlandyrmakdan;

  • adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň bozulmagyny aradan aýyrmak we öňüni almak, adam hukuklaryny goramak meseleleri boýunça kanunlary we hukuk ulanyş tejribesini kämilleşdirmek boýunça işlenilip taýýarlanylan teklipler, Adalatçynyň döwlet edaralary, halkara guramalary we raýat jemgyýeti bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyny giňeltmek boýunça hereketler hakynda habarlylygy ýokarlandyrmakdan ybarat  bolup durýar.

Maglumatyň doly nusgasy bilen şu ýerde tanşyp bilersiňiz.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo