«Ashgabat Mall» çagalary hem olaryň ene-atalaryny şowhunly agşamyň myhmany bolmaga çagyrýar

MilliInfo

2 sagat öň

«Ashgabat Mall» çagalary hem olaryň ene-atalaryny şowhunly agşamyň myhmany bolmaga çagyrýar

Öňümizdäki şenbe güni paýtagtymyzyň «Ashgabat Mall» söwda we dynç alyş merkezi çagalaryň gülküsiniň, ertekilerdäki «jadynyň» we şatlykly duýgularyň merkezine öwrüler! Meşhur söwda merkezi körpeje myhmanlara we olaryň ene-atalaryna ýörite taýýarlanan unudylmajak şowhunly agşamy sowgat eder.

17-nji oktýabrda sagat 19:00-dan 20:30-a çenli 0-njy gatda (A blog) şatlygyň we garaşylmadyk sowgatlaryň hakyky mekanyna aralaşýan gapylar giňden açylar. Guramaçylar hakyky ertekilerdäki ýaly gurşawy wada berýärler: çagalary şadyýan animatorlar garşylar, täsirli maksatnama bolsa hatda iň ynjyk we bir ýerde durup bilmeýän körpeleri hem haýran galdyrar.

Körpeje myhmanlara gyzykly interaktiw oýunlar, çalasynlygy we ýiti paýhasy talap edýän şadyýan bäsleşikler hem-de soňsuz şatlyk garaşýar.

Bu gün «Ashgabat Mall» paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň söýgüli mekanyna öwrülip, maşgala bolup dynç almak, söwda etmek we ýakymly duşuşyklary geçirmek üçin iň gözel ýerleriň birine öwrüldi.

Çagaňyza şatlykdan, ýylgyryşlardan doly jadyly hem ajaýyp agşamy sowgat ediň! Maşgala bolup geliň we ajaýyp agşamyň ýatdan çykmajak şowhunyna şärik boluň!

Sene: 17-nji oktýabr

Wagt: 19:00 – 20:30

Geçirilýän ýeri: «Ashgabat Mall» söwda we dynç alyş merkezi, 0-njy gat, A blok

Maksatnamada: interaktiw şowhun, animatorlar bilen gyzykly oýunlar, bäsleşikler.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info