Işgärleriniň biriniň ýönekeý paroly iri kompaniýany ykdysady çökgünlige sezewar etdi

MilliInfo

27 Iyul, 2025

Nortgemptonşirden bolan wekiliniň gowşak paroly iňlis kompaniýasy «KNP-niň» ykdysady çökgünlige duçar bolmagyna getirdi. Paroly eýelän hakerler ulgama girip bildiler we töleg talap edip başladylar. Bu barada «BBC» habar berýär.

Haker hüjüminden soň kompaniýanyň ähli maglumatlary şifrlendi. Hakerler kompaniýanyň ýolbaşçylaryna gaty täsin habar galdyryp, 5,3 million dollar tölemegi talap etdiler:

«Eger, haty okaýan bolsaňyz, bu kompaniýanyňyzyň içerki infrastrukturasynyň doly ýa-da bölekleýin ýok edilendigini aňladýar. Geliň, gözýaşlarymyzy goýalyň, nägileliklerimizi bolsa özümizde saklalyň we konstruktiw gepleşik gurmaga synanyşalyň».

Emma kompaniýada şeýle möçberdäki serişde ýokdy. Netijede onuň ähli maglumatlar ýitdi.

«KNP» transport kompaniýasy 158 ýyl ozal döredilipdi. Ol 500 ýük awtoulagynyň parkyny dolandyrdy. Bu hüjüm kompaniýany 700 işgäri bilen bilelikde işsiz goýdy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo