«Huawei» kompaniýasy «Huawei Enjoy 90» modeliniň standart görnüşiniň satuwyny resmi taýdan yglan etdi. Täze smartfon Hytaýda «VMall» resmi onlaýn dükany we hyzmatdaş kanallar arkaly müşderilere hödürlendi.
Enjam 128 GB we 256 GB içerki ýat bilen üpjün edilen iki görnüşde elýeterli bolup, onuň başlangyç bahasy 190 dollar (1300 ýuan) bolar.
Smartfon ekranyň öl barmaklar bilen dolandyrylmagyny goldaýar we hatda -20 °C derejedäki aşa sowukda hem bökdençsiz işleýär. Şeýle-de, enjamyň gabarasy ýere gaçmalara garşy durnukly nusgada ýasaldy. Smartfonyň awtonomlygyna 40 Wt derejede çalt energiýa beriş goldawy bolan 6620 mAs kuwwatly akkumulýator jogap berýär.
Surat we wideo düşürmek ulgamy 50 MP esasy kameradan we 8 MP öň kameradan ybaratdyr.