Şu agşam — 13-nji sentýabrda geçilýän gije Nýu-Ýork şäherinde möwsümiň soňky «Uly tuwalga» ýaryşynyň — «US Openiň» zenanlaryň arasynda ýekelikdäki final duşuşygy geçiriler.
Çempionlyk ugrundaky aýgytlaýjy duşuşykda Belarusyň wekili Arina Sobolenko bilen gazagystanly tennisçi Ýelena Rybakina güýç synanyşýar. Duşuşygyň Aşgabat wagty bilen 01:00-da başlanmagyna garaşylýar.
Sabyrsyzlyk bilen garaşylan duşuşygy «US Openiň» resmi saýty boýunça, şeýle-de onuň resmi ýaýlym hyzmatdaşlarynyň biri bolan «Eurosport» kanaly arkaly görüp bolar.
