Döwlet Baştutanymyz Russiýa Federasiýasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

MilliInfo

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine «Angara» awiakompaniýasynyň raýat uçarynyň heläkçilige uçramagy we köp sanly adam pidalaryna getirmegi zerarly gynanç hatyny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda gurban bolanlaryň ähli dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de öz adyndan ýürekden gynanjyny, medet beriji sözlerini beýan etdi.

  • «Angara» awiakompaniýasynyň «An-24» uçary Tynda şäheriniň howa menzilinden birnäçe kilometr uzaklykda dolandyryş nokady bilen aragatnaşyga çykyp bilmedi. Onuň galyndylary 16 km uzaklykda ýerleşýän dag eteginden tapyldy. Sebitde gurban bolanlaryň hatyrasyna üçgünlük ýas yglan edildi.  

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo