Türkmen bedewiniň toýy: Niderlandlarda ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionaty açylýar

MilliInfo

4 Sentýabr, 2026

Türkmen bedewiniň toýy: Niderlandlarda ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionaty açylýar

Ýüzlerçe adamy özünde jemleýän türkmen wekiliýeti Ýewropanyň jümmüşinde ýerleşýän Niderlandlar Patyşalygyna toý ruhy bilen gadam basdy. Çünki şol ýerde ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatyna badalga berilýär.

«Türkmenistan» gazetinde (04.09.2026ý) habar berlişi ýaly, hormatly Prezidentimiz tarapyndan tassyklanan 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli atçylyk we atly sport ugurlary boýunça çäreleriň Maksatnamasyna laýyklykda guralýan Kronenberg çäreleriniň meýilnamasy giň gerimi hem baý mazmuny bilen tapawutlanýar. Dürli ýaşdaky ahalteke atlarynyň arasyndaky gözellik we dressaž bäsleşikleri, «Ahalteke bedewi: türkmeniň dünýewi seýisçilik sungaty» atly halkara ylmy-amaly maslahat, şeýle-de konkur, Ýewropanyň iň gowy bedewini saýlamak, atlaryň gözelligini sungat eserlerinde wasp etmek boýunça bäsleşikler, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň açyk mejlisi, türkmen atçylyk sungatyna, medeniýetine, çeper döredijiligine we Ýewropanyň atçylyk pudagyna bagyşlanan sergi, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň görkezme çykyşlary, medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti... Görnüşi ýaly, bir demde çäreleriň atlaryny sanap çykmak üçinem elimiziň barmaklary azlyk edýär. Onsoň, olaryň guramaçylygyna siňdirilen azabyň, edilen yhlasyň, döwlet tarapyndan gönükdirilen serişdeleriň ýerine düşmeginiň-de oýlanyşykly ädimleri, ymgyr tagallalary talap etjekdigi öz-özünden düşnükli.

Kronenbergdäki atly sport çäreleriniň çäginde türkmen halkynyň toý tutmak döwresi aýdyň şöhlelendiriler. «Pilbergen» atçylyk toplumynda halkymyzyň milli aýdym-sazlarynyň, lybaslarynyň, däp-dessurlarynyň, dokmaçylygynyň, senetçiliginiň dünýäniň dürli ýurtlaryndan geljek myhmanlara giňden açylyp görkezilmegi ugrunda uly tagallalar edildi.

«Türkmenistan» gazetiniň wekiliniň Niderlandlar Patyşalygynda bolup, taýýarlan ýazgysynda aýdylşy ýaly, Kronenbergde türkmen kalbynyň ýylysy duýlup, ol bedewlere söýginiň dilinde dost iline ýaýylýar. Bitarap Türkmenistanyň bedew diplomatiýasy alyslary ýakyn eýläp, Aziýanyň ýüreginden Ýewropanyň jümmüşine hoşniýetli dostluk ýoluny çekýär.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info