«Soýuzmultfilm» «KIDS EXPO 2026-nyň» işewürlik maksatnamasyna goşular

MilliInfo

1 sagat öň

«Soýuzmultfilm» «KIDS EXPO 2026-nyň» işewürlik maksatnamasyna goşular

Russiýanyň «Soýuzmultfilm» kinostudiýasynyň wekilleri 2026-njy ýylyň 19-22-nji awgusty aralygynda geçiriljek «KIDS EXPO: Ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde Aşgabada gelerler.

«Soýuzmultfilmiň» wekilleriniň gatnaşmagy serginiň işewürlik maksatnamasynyň möhüm bölegi bolar: saparyň dowamynda Türkmenistanyň mümkin bolan hyzmatdaşlary, telekeçileri, bilim edaralarynyň we ugurdaş guramalarynyň wekilleri bilen duşuşyklar tapgyry geçiriler.

Gepleşikleriň esasy maksatlary — animasiýa we çagalar üçin niýetlenen mazmunlary (multfilmleri) ösdürmekdäki hyzmatdaşlyk, lisenziýaly taslamalar, «Soýuzmultfilmiň» meşhur animasion brendlerini Türkmenistanda wagyz etmek, şeýle hem bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçilikleri bolar.

«Soýuzmultfilmiň» agzalary türkmen wekilleri bilen göni gatnaşyklary ýola goýmaga, tejribe alyşmaga hem-de animasiýa, bilim, çagalar üçin niýetlenen önümler ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşmaga ajaýyp şert döreder.

«Soýuzmultfilm» — Russiýanyň döwrebap mediaholdingi we ýylda 20 sagatdan gowrak animasion önümleri öndürýän iň iri studiýasydyr. Ol multfilmleri, teleseriallary, doly göwrümli we gysga göwrümli filmleri taýýarlaýar. Önümçilikden başga-da, kompaniýa özüniň «Multilandiýa» we «Umka» teleýaýlymlaryny, lisenziýa agentligini, güýmenje-öwrediji multimedia meýdançalaryny, kämil tehnologiýalaryny we hünär bilimini ösdürýär. Häzirki wagtda bu ýerde Russiýanyň animatsiýa pudagynyň iň gowy hünärmenleri we öňdebaryjylary zähmet çekýärler. 2026-njy ýylda kinostudiýa özüniň esaslandyrylmagynyň 90 ýyllygyny belleýär. Ýeri gelende bellesek, düýbi tutulan wagty 1936-njy ýylyň 10-njy iýuny.

«KIDS EXPO: Ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasy 19-22-nji awgusty aralygynda Aşgabatda, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Sergi zalynda geçiriler. Serginiň guramaçylary hökmünde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy we «Turkmen Expo» kompaniýasy çykyş edýärler.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info