Son Hyn Min 10 ýyllyk klubuny terk edýär

MilliInfo

7 Awgust, 2025

Amerikanyň futbol ligasynyň (MLS) «Los Anjeles» topary Angliýanyň «Tottenhem» klubunyň Koreýa Respublikasyndan bolan hüjümçisi Son Hyn Min bilen şertnama baglaşdy.

Iňlis neşirleriniň habar bermegine görä, şertnamanyň bahasy 26 million dollar bolup, bu görkeziji MLS-niň taryhynda täze rekorddyr. 2015-nji ýylda Germaniýanyň Bundesligasynyň «Baýer Lewerkýuzen» klubundan «Tottenheme» transfer bolan 33 ýaşly Son Hyn Min soňky 10 ýylda «Tottenhemiň» düzüminde 454 oýna gatnaşyp, 173 gol geçirmegi başardy.

Ol ahyrky möwsümde «Tottenhem» bilen UEFA Ýewropa ligasynda ýeňiş gazanypdy.

 

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo