Türkmenistanyň futbol boýunça ýygyndy toparynyň baş tälimçisi Röwşen Meredow Aziýanyň Kubogy-2027-niň saýlama tapgyrynda Hytaý Taýpeýiniň garşysyna geçiriljek 5-nji duşuşyk üçin topara çagyrylan futbolçylary atlandyrdy.
Topara 23 futbolçy wekilçilik eder:
Derwezeçiler: Resul Çaryýew, Rüstem Ahallyýew (ikisi hem «Arkadag» toparyndan), Gurbanmyrat Garaýew («Ahal»).
Goragçylar: Güýçmyrat Annagulyýew, Mekan Saparow, Ibragim Mämmedow, Arzuwguly Sapargulyýew (hemmesi «Arkadag» toparyndan), Hakmuhammet Bäşimow, Bagtyýar Gürgenow (ikisi hem «Ahal»), Zafar Babajanow («Altyn Asyr»).
Ýarymgoragçylar: Teýmur Çaryýew («Torpedo-BelAZ»), Mirza Beknazarow, Ýazgylyç Gurbanow, Welmyrat Ballakow (hemmesi «Arkadag» toparyndan), Alibek Abdurahmanow, Gurban Annaýew (ikisi hem «Ahal» toparyndan).
Hüjümçiler: Meýlis Diniýew («Kyrgyzaltyn»), Elman Tagaýew («Ahal»), Didar Durdyýew, Şamämmet Hydyrow, Baýram Ataýew (hemmesi «Arkadag» toparyndan), Rahman Myratberdiýew («Altyn Asyr»), Daýanç Meredow («Köpetdag»).
Duşuşyk şu gün — 18-nji noýabrda Aşgabat wagty bilen 18:45-de başlanar. Oýun Arkadag şäheriniň 10 müň orunlyk döwrebap stadionynda geçirilýär.

