2026-njy ýylda bilim almak üçin iň geljegi uly ugurlar belli edildi. Iş gözleg hyzmatyny hödürleýän edaralar hünär ýa-da kär saýlananda iş berijiler tarapyndan iň köp isleg bildirilýän ugurlara bil baglamagy maslahat berýärler. Bu barada «Риа Новости» agentligine salgylanýan «Мир 24» habar berýär.
2026-njy ýylda sanly endiklere eýe bolan, ýagny emeli aň, programma üpjünçiligi, enjamlar we uly maglumatlar (big data) bilen işläp bilýän hünärmenlere aýratyn ýokary isleg bolar. Şeýle hem uýgunlaşmak ukyby we tankydy pikirlenmek endikleri möhüm hasaplanýar.

Mundan başga-da, IT hünärmenlere — programma üpjünçiligini düzüjilere, kiberhowpsuzlyk we uly maglumatlar boýunça bilermenlere, emeli aň hem-de maşyn öwrenişi boýunça inženerlere uly isleg boljakdygy bellenilýär. Bu ugurlar 2025-nji ýylda iş berijileriň arasynda örän meşhur boldy we geljekde hem öz ähmiýetini saklap galar.
Galyberse-de, geljegi uly hünärleriň sanawyna ýokary derejeli işçi hünärleri hem girýär. Elmydama bolşy ýaly, ýörite tehniki rugsatnamalary talap edýän kebşirleýjilere (сварщики), slesarlara, maşinistlere, gurnaýjylara (монтажники), awtoslesarlara we mehaniklere islegiň artmagyna garaşylýar.