Türkmenistan — Beýik Britaniýa: daşary syýasat edaralarynyň wekilleriniň onlaýn duşuşygy

MilliInfo
Türkmenistan — Beýik Britaniýa: daşary syýasat edaralarynyň wekilleriniň onlaýn duşuşygy

10-njy noýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Daşary işler, Arkalaşygyň işleri we ösüş ministrliginiň Döwlet sekretarynyň orunbasary Enfildliň Lordy Wud bilen wideoaragatnaşyk görnüşinde duşuşyk geçirildi.

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar türkmen-britan gatnaşyklarynyň gün tertibiniň möhüm meselelerine garap, ýokary derejedäki gatnaşyklaryň aýratyn ähmiýetini nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, 2026-njy ýylyň maý aýynda türkmen halkynyň Milli Lideriniň, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Beýik Britaniýa amala aşyran saparynyň ähmiýeti bellenildi. Saparyň çäklerinde ol «Royal Windsor Horse Show» atly halkara atçylyk-sport çäresine gatnaşdy hem-de Beýik Britaniýanyň Patyşasy Karl III bilen duşuşdy.

Şeýle hem iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda yzygiderli syýasy dialogy dowam etdirmegiň wajypdygy bellenildi. Bu babatda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň 2026-njy ýylyň fewralynda Beýik Britaniýa amala aşyran iş saparyna aýratyn üns berildi. Saparyň dowamynda ikitaraplaýyn gepleşikler, şeýle hem Merkezi Aziýa döwletleriniň we Beýik Britaniýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçirildi.

Bilim we medeniýet ulgamlary, şol sanda akademiki alyş-çalyşlary giňeltmek we degişli edaralaryň arasynda hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi.

Mundan başga-da, söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmen-britan söwda-senagat geňeşiniň (TUKTIC) alyp barýan işiniň ähmiýeti bellenildi. Geňeşiň nobatdaky mejlisini 2026-njy ýylyň noýabr aýynyň ahyrynda Aşgabat şäherinde geçirmek meýilleşdirilýär.

Taraplar halkara we sebit gün tertibiniň käbir meseleleri boýunça hem pikir alyşdylar.

Duşuşygyň netijeleri boýunça taraplar dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we türkmen-britan hyzmatdaşlygyny yzygiderli giňeltmäge özara gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info