CAREC-iň Türkmenistandaky taslama edarasynyň direktory Gazagystanyň ilçisi bilen duşuşdy

MilliInfo

28 Awgust, 2026

CAREC-iň Türkmenistandaky taslama edarasynyň direktory Gazagystanyň ilçisi bilen duşuşdy

Merkezi Aziýanyň Sebitleýin ekologiýa merkeziniň Türkmenistandaky taslama edarasynyň (CAREC) direktory Mergen Kepbanow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nurlan Askarowiç Nogaýew bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda Mergen Kepbanow Merkezi Aziýanyň Sebitleýin ekologiýa merkeziniň alyp barýan işleri barada maglumat berip, guramanyň işiniň esasy ugurlary, durmuşa geçirilýän sebit başlangyçlary, şeýle hem Türkmenistanda onuň goldawy bilen geçirilen çäreler barada gürrüň berdi.

Sebitleýin howa hyzmatdaşlygyna we Türkmenistanyň sebit çärelerine gatnaşmagyna aýratyn üns berildi. Hususan-da, 2026-njy ýylyň 22–24-nji aprelinde Astanada geçirilen Sebitleýin ekologiýa maslahaty bellenilip geçildi. Onuň çäklerinde Merkezi Aziýanyň Sebitleýin ekologiýa merkezi Howanyň üýtgemegi boýunça 8-nji Merkezi Aziýa maslahatyny gurady. Bu maslahat howa syýasatynyň möhüm meselelerini, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmagy, durnukly ösüşi we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sebitara hyzmatdaşlygyny ara alyp maslahatlaşmak üçin möhüm meýdança öwrüldi.

Şeýle hem 2027-nji ýylda Gyrgyz Respublikasynyň Bişkek şäherinde Dag sammitiniň çäklerinde Howanyň üýtgemegi boýunça 9-njy Merkezi Aziýa maslahatyny geçirmegiň meýilleşdirilýändigi bellenildi. Taraplar Türkmenistanyň sebitiň howa başlangyçlaryna mundan beýläk-de gatnaşmagynyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmegiň ähmiýetini nygtadylar.

Duşuşygyň möhüm mowzugy bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek we durnukly ösüş ugurlary boýunça ýaş hünärmenleri taýýarlamak meselesi boldy. Mergen Kepbanow Merkezi Aziýanyň Sebitleýin ekologiýa merkeziniň Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherindäki «Green University» (Ýaşyl uniwersitet) bilen hyzmatdaşlygy barada durup geçdi we Türkmenistandan bolan dalaşgärleri uniwersitetiň okuw maksatnamalaryna çekmek hem-de olary habardar etmek mümkinçiligini öwrenmegi teklip etdi.

Hususan-da, okuwyň aşakdaky ugurlary hödürlendi:

Bakalawriat:

  • ekologik we durnukly dolandyryş;

  • ekologiýa we ykdysadyýet;

  • ýurisprudensiýa (hukuk öwreniş);

  • «ýaşyl» ykdysadyýet.

Magistratura:

  • durnukly ösüş;

  • ekologiýa hukugy;

  • durnukly maliýe;

  • sirkulýar (aýlawly) ykdysadyýet;

  • durnukly syýahatçylyk.

Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Nurlan Askarowiç Nogaýew bu ugurdaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirdi hem-de ekologiýa, howa syýasaty, durnukly ösüş we «ýaşyl» ykdysadyýet ulgamynda häzirki zaman bilimlerine eýe bolan ýaş hünärmenleri taýýarlamagyň zerurdygyny belledi.

Duşuşygyň dowamynda Gazagystan Respublikasynyň ilçihanasy bilen Merkezi Aziýanyň Sebitleýin ekologiýa merkeziniň taslama edarasynyň arasyndaky özara gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmek barada pikir alşyldy. Hususan-da, merkeziň taslama edarasynyň Gazagystan Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasy tarapyndan guraljak ekologiýa, howa, bilim we sebit ähmiýetli çärelere gatnaşmak mümkinçiligi bellenildi.

Duşuşyk özara düşünişmek we dostluk ýagdaýynda geçdi hem-de Merkezi Aziýanyň Sebitleýin ekologiýa merkeziniň Türkmenistandaky taslama edarasy bilen Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmekde möhüm ädim boldy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info