11-nji noýabrda Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň (UNFPA) Ýerine ýetiriji direktory hanym Diene Keita bilen Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky Hemişelik wekili Wepa Hajyýewiň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşyk Türkmenistanyň we UNFPA-nyň arasyndaky köpýyllyk hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary boýunça pikir alyşmaga mümkinçilik berdi.
Duşuşygyň dowamynda UNFPA-nyň 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Ýurt boýunça maksatnamasynyň çäklerinde demografik durnuklylyk, ýaşlaryň ösüşi we gender deňligi ýaly ugurlardaky hyzmatdaşlyk meselelerine garaldy.
Türkmenistanyň we UNFPA-nyň köptaraplaýyn platformalaryň çäklerinde alyp barýan hyzmatdaşlygyna aýratyn üns berildi. Hususan-da, Ilat we ösüş boýunça BMG-niň Komissiýasy hem-de Zenanlaryň ýagdaýy boýunça BMG-niň Komissiýasnyň çäklerindäki hyzmatdaşlyk barada aýdyldy.
Taraplar ýaşlaryň ösüşi, Türkmenistanyň 2027-nji ýylda Meýletin milli synyny hödürlemäge taýýarlygy, şeýle-de Türkmenistanyň 2027-nji ýylda Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň toparyna başlyklyk etmeginiň dowamynda hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.
