Türki döwletleriň Söwda-senagat edaralarynyň birleşiginiň Baş sekretary bilen duşuşyk

MilliInfo

Türkiýe Respublikasyna saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Türki döwletleriň Söwda-senagat edaralarynyň birleşiginiň Baş sekretary Adem Kula bilen duşuşdy.

Antalýa şäherinde geçen duşuşygyň dowamynda taraplar türki döwletleriň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň häzirki derejesine baha berdiler. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň 2024-nji ýylyň mart aýynda Birleşigiň düzümine kabul edilmeginiň ähmiýeti aýratyn bellenildi.

Taraplar hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerini hem ara alyp maslahatlaşdylar. Ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda bu formatdaky ýurtlaryň arasynda bilelikdäki önümçilik zynjyrlarynyň esaslaryny döretmegiň mümkinçiliklerine garaldy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info