ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi geçirildi

MilliInfo

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Daşary işler ministrliginde BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, ugurdaş ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

Mejlisiň dowamynda BMG-niň bu ýöriteleşdirilen edarasynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerine garaldy, halkymyzyň milli gymmatlyklaryny ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek boýunça teklipler bilen baglylykda, özara gatnaşyklaryň geljekki ugurlary kesgitlenildi. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda milli toparyň geçen ýylda alyp baran işleriniň jemleri, 2026-njy ýylyň meýilnamasynda bellenilen wezipeler baradaky maglumatlar diňlenildi.

2025-nji ýylda ÝUNESKO-nyň hem-de onuň sebit düzümleriniň wekilleri bilen sanly ulgam arkaly duşuşyklaryň, geňeşmeleriň onlarçasynyň geçirilendigi aýdyldy. Olaryň dowamynda ylym, bilim, medeniýet, ekologiýa ulgamlarynda netijeli hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryna garaldy.

Ýurdumyzda Birleşen Milletler Guramasynyň düzümleri, şol sanda ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Türkmenistan 1993-nji ýyldan bäri bu guramanyň doly hukukly agzasydyr. BMG-niň bu ýöriteleşdirilen düzümi medeni ýadygärlikleri, tebigy landşaftlary goramak boýunça halkara işlerde möhüm orny eýeleýär, ählumumy gymmatlyklara hormat goýmaga esaslanýan açyk dialog üçin amatly şertleri döredýär. ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň hereket etmegi hem uzak möhletleýin geljege gönükdirilen gatnaşyklara uly ähmiýet berilýändigine şaýatlyk edýär.

Köpýyllyk hyzmatdaşlygyň çäginde ýurdumyzda ÝUNESKO-nyň maksatlaryny amala aşyrmakda, döwletimiziň medeni, ylym-bilim kuwwatyny artdyrmakda uly üstünlikleriň gazanylandygyny bellemek gerek. Munuň özi Türkmenistanyň maddy we maddy däl medeni mirasynyň halkara derejede ykrar edilmegi bilen baglanyşykly meselelere hem degişlidir. Türkmenistan ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak hakynda, Bütindünýä medeni we tebigy mirasy goramak hakynda Konwensiýalaryna, beýleki köp sanly resminamalaryna goşulmak bilen, olaryň düzgünlerini durmuşa geçirmek boýunça halkara tagallalara işjeň gatnaşýar. Dünýä siwilizasiýasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýan taryhy-medeni, tebigy ýadygärlikleri geljek nesiller üçin gorap saklamak babatda giň gerimli işler dowam etdirilýär. Diýarymyzyň çäginde ýerleşýän täsin taryhy desgalaryň birnäçesiniň — Gadymy Merwiň, Köneürgenjiň, Nusaýyň Parfiýa galalarynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi munuň aýdyň mysalydyr.

2025-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Geoseýilgähler boýunça maksatnamasynyň çäklerinde tebigy we medeni ýadygärlikleri, halkara geologik ähmiýetli landşaftlary öz içine alýan geoseýilgähleri döretmek babatda işler alnyp baryldy.

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde ÝUNESKO kafedralarynyň 2-siniň we klublarynyň 6-synyň açylmagy, 6 sany orta mekdebiň bu guramanyň Assosirlenen mekdepler toruna girizilmegi ýaşlaryň döredijilik we ylmy-barlag işjeňligini kemala getirmek, olaryň öz ýurdunyň medeni gymmatlyklary, däp-dessurlary baradaky bilimlerini ýokarlandyrmak babatda uly ähmiýete eýedir. Orta we ýokary okuw mekdepleriniň okuwçylarydyr talyplary, magistrantlary, mugallymlary ÝUNESKO-nyň ynsanperwerlik, parahatçylyk, özara düşünişmek ýörelgelerini çuňňur öwrenýärler hem-de wagyz edýärler. Medeniýetara gatnaşyklar, beýleki medeniýetlere hormat goýmagy terbiýelemek, medeni we taryhy mirasy, daşky gurşawy goramak esasy wezipeleriň hataryndadyr. Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, geçen ýylyň dekabrynda ýurdumyzyň ylym we bilim ulgamyny ösdürmekde gazanan ýokary netijeleri nazara alnyp, ähli ýaşdaky raýatlaryň ömrüniň bütin dowamynda okamagy hem-de bilimleri özleşdirmegi üçin zerur şertleri döreden Aşgabat şäheri ÝUNESKO-nyň öwreniji şäherleriniň bütindünýä toruna girizildi.

Çykyş edenler 2025-nji ýylyň 8 — 13-nji dekabry aralygynda Hindistan Respublikasynyň Nýu-Deli şäherinde geçirilen ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça hökümetara komitetiniň 20-nji mejlisinde türkmen alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmek däpleriniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigine ünsi çekdiler. Bu şanly waka mynasybetli 16-njy dekabrda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň merkezinde degişli güwänamanyň gowşurylyş dabarasy geçirildi.

Mejlisde 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli şu ýylyň dowamynda ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçirilmegi meýilleşdirilýän çärelere görülýän taýýarlyk işleri bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Mundan başga-da, ÝUNESKO-nyň iri düzümlerinde ýurdumyzyň ornuny pugtalandyrmak, halkara ylmy gatnaşyklary giňeltmek, sanly taslamalarda hyzmatdaşlygyň hem-de maglumatlary alyşmagyň mümkinçilikleri ýaly möhüm wezipelere garaldy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info