Düýn, 3-nji awgustda BMG-niň Ilat gaznasynyň (ÝUNFPA) wekilhanasy Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen bilelikde 2026–2030-njy ýyllar üçin «Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek» Milli maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça Ýol kartasyny taýýarlamak barada utgaşdyryjy geňeşiň mejlisini geçirdi. Duşuşyk Aşgabatdaky BMG-niň binasynda guraldy we ÝUNFPA-nyň 2026–2030-njy ýyllar üçin Ýurt maksatnamasyny amala aşyrmagyň çäginde amala aşyryldy.
Utgaşdyryjy geňeşiň işine Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynyň esasy ugurdaş edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar. Duşuşygyň baş maksady enäniň we çaganyň saglygyny goramagyň esasy görkezijilerine ýetmäge, şeýle hem zenanlaryň reproduktiw saglygy babatda saglygy goraýyş ulgamynyň mümkinçiliklerini pugtalandyrmaga gönükdirilen Ýol kartasyny bilelikde taýýarlamakdan ybarat boldy.
Mejlisiň dowamynda gatnaşyjylar Milli maksatnamanyň esasy wezipelerini we ileri tutulýan ugurlaryny gözden geçirip, Ýol kartasynyň gurluşyny we esasy bölümlerini işläp düzdüler, maksatlaýyn görkezijileri ara alyp maslahatlaşdylar hem-de onuň monitoringini amala aşyrmagyň gurallaryny ylalaşdylar. Duşuşygyň netijeleri boýunça Ýol kartasyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek we ony üstünlikli durmuşa geçirmek üçin pudagara gatnaşyklary berkitmek barada maslahatlar kabul edildi.
