Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleriniň telefon arkaly söhbetdeşligi

MilliInfo

4-nji maýda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Seýed Abbas Arakçi bilen telefon arkaly söhbetdşeligi boldy. Söhbetdeşligiň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklar, şeýle hem özara gyzyklanma döredýän halkara meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar sebitleýin howpsuzlyk meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Şunda öňüni alyş diplomatiýasynyň mazmunyndan ybarat bolan hem-de çylşyrymly ýagdaýlaryň, şol sanda dawalaryň hem öňüni almaga gönükdirilen syýasy-diplomatik usullary we serişdeleri ulanmagyň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.

Şeýle hem taraplar Hazar meselesiniň käbir ugurlaryna degip geçdiler. Hususan-da, Hazaryň parahatçylygyň, ylalaşygyň we hoşniýetli goňşuçylygyň giňişligi bolup durýandygyna aýratyn üns çekildi. Şol bir watgda, Hazar deňzinde ekologiýa meselelerini çözmek boýunça köp taraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň zerurdygy nygtaldy.

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary iki döwletiň arasyndaky diplomatik gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň zerurdygyny bellediler. Şunuň bilen baglylykda, Daşary işler ministrlikleriniň ugry boýunça yzygiderli gatnaşyklary alyp barmak ylalaşyldy.

Telefon arkaly söhbetdeşlik eýran tarapynyň başlangyjy boýunça geçirildi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info