Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisi: on aýyň netijeleri jemlendi

MilliInfo

2 Noýabr, 2025

Düýn — 1-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şu ýylyň on aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew çykyş edip, hasabat döwründe ýurdumyzyň Ýaragly Güýçlerini ösdürmegiň maksatnamasyny ýerine ýetirmek, ýurdumyzyň goranyş ukybyny berkitmek, Watan goragçylarynyň gulluk we ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem ýokary hünärli serkerdeleri taýýarlamak hem-de nobatdaky harby gulluga çagyrmak we harby gullukçylary gullukdan boşatmak bilen bagly meseleler barada aýdyldy.

Baş prokuror B.Muhamedowyň hasabaty 2025-nji ýylyň on aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, şeýle hem kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň berjaý edilişine talabalaýyk gözegçiligi amala aşyrmaga, sanly ulgamyň mümkinçiliklerini giňden ulanmaga we işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen çäreler barada boldy.

Içeri işler ministri M.Hydyrow ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň şu ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda amala aşyran işleriniň netijeleri, şol sanda Içeri işler ministrligini ösdürmegiň maksatnamasyny durmuşa geçirmek, ýurdumyzda jemgyýetçilik tertibini üpjün etmek boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen birlikde, düzgün bozulmalaryň, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak, Ýangyn howpsuzlyk gullugynyň işini kämilleşdirmek maksady bilen, geçirilen işler barada aýdyldy.

Ýokary kazyýetiň başlygy B.Hojamgulyýew ýolbaşçylyk edýän düzümi tarapyndan 2025-nji ýylyň on aýynda geçirilen işleriň netijeleri, kazyýet işini döwrüň talabyna laýyklykda guramak, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň sanly ulgamy işjeň ulanmak, düzümiň işgärler kuwwatyny pugtalandyrmak babatda ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.

Soňra milli howpsuzlyk ministri N.Atagaraýew hasabat döwründe döwletimiziň milli bähbitlerini goramak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem ministrligi ösdürmegiň Maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleriň ýerine ýetirilişi barada aýdyldy.

Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýewiň hasabatynda ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işler, Watanymyzyň mukaddes serhetlerini goramak boýunça görlen çäreler barada beýan edildi. Şeýle hem serhet galalaryny döwrebaplaşdyrmagyň barşy, şol sanda açylyp ulanylmaga berlen döwrebap toplumlar we öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmagyň hasabyna gullugyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilişi hakynda aýdyldy.

Soňra adalat ministri M.Taganow hasabat döwründe alnyp barlan işleriň netijeleri, hususan-da, milli kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça teklipleriň taýýarlanylyşy, raýatlaryň hukuk babatda düşünjesini ýokarlandyrmak hem-de ilata hukuk taýdan hyzmat etmek maksady bilen guralýan çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem hukuk ulgamynda öňdebaryjy tejribäni öwrenmegiň hasabyna işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça görülýän çäreler barada aýdyldy.

Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew ýolbaşçylyk edýän düzüminiň işini kämilleşdirmek, maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, sanly ulgamy we iň täze tehnologiýalary ornaşdyrmak maksady bilen, hasabat döwründe amala aşyrylan işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen bir hatarda, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň ýokary hünärli gullukçylary taýýarlamak boýunça beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hakyndaky maglumatlar beýan edildi.

Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakow ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň şu ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda amala aşyran işleriniň netijeleri, şeýle hem Gullugyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, gullugy ösdürmegiň Maksatnamasyny üstünlikli ýerine ýetirmek maksadynda görlen çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem migrasiýa ulgamynda öňdebaryjy tejribäni öwrenmek arkaly harby gullukçylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça guralýan çäreler barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mejlisiň jemini jemläp, Türkmenistanyň diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasynyň düzgünlerine laýyklykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň harby howpsuzlygyny we bitewüligini ýokary derejede üpjün etmek boýunça çäreleriň durmuşa geçirilýändigini belledi. Şunda ýurdumyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmaga, Watan goragçylarynyň we olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga uly üns berilýär diýip, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy aýtdy we bu ugurdaky işleriň geljekde hem dowam etdiriljekdigini belledi.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

 

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo