Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň mejlisi geçiriler

MilliInfo

14-nji noýabrda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýer H.Geldimyradow Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň mejlisine taýýarlyk görmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, toparyň nobatdaky mejlisini noýabr aýynda Aşgabat şäherinde geçirmek göz öňünde tutulýar. Onuň gün tertibine söwda-ykdysady, nebitgaz, energetika, senagat pudaklarynda, ulag-aragatnaşyk, maglumat tehnologiýalary, dokma senagaty, oba hojalyk, daşky gurşawy goramak, ylym-bilim, saglygy goraýyş we derman senagaty, medeniýet, sport, ýaşlar syýasaty ulgamlarynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek meseleleri giriziler. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasyny hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasy bilen netijeli gatnaşyklary alyp barýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ilerletmek maksady bilen, bu ugurda taýýarlanylan degişli Karara gol çekdi we wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

***

Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek, şeýle hem söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky Ylalaşygy ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo