13-nji noýabrda Daşkentde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de Azerbaýjanyň söwda we maýa goýum ministrleriniň Geňeşiniň ilkinji mejlisi geçirildi. Duşuşygyň esasy meseleleriniň biri-de «Made in Central Asia» diýen bitewi brendi döretmek boýunça görülmeli çäreleri ara alyp maslahatlaşmak boldy. Bu barada Özbegistanyň Maýa goýumlar, senagat we söwda ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.
Mejlisiň barşynda özara söwdany we senagat integrasiýasyny ösdürmek boýunça toplumlaýyn çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy. Sebit ýurtlarynyň arasyndaky haryt dolanyşygyny 20 milliard dollara çenli artdyrmak, «Made in Central Asia» brendi astynda bilelikdäki önümçilik meýdançalaryny döretmek, şeýle hem sebitiň bilelikdäki infrastruktura we senagat taslamalaryny amala aşyrmak üçin halkara maliýe institutlary hem-de iri maýadarlar bilen hyzmatdaşlygy güýçlendirmek meselelerine aýratyn üns berildi.
2026-njy ýylda Samarkantda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjanyň ilkinji maýa goýum forumyny geçirmek meýilleşdirilýär. Şol ýerde «Made in Central Asia» brendi ilkinji gezek toplumlaýyn görnüşde tanyşdyrylar.
Duşuşygyň dowamynda gümrük we serhet işlerini mundan beýläk hem optimizirlemegiň, ulag-logistika infrastrukturasyny utgaşdyrmagyň, şeýle hem sebitiň ýurtlarynyň önümçilik zynjyrlaryny birleşdirmäge ukyply senagat merkezlerini (industrial hablary) döretmegiň zerurlygy nygtaldy.
Mejlisiň netijeleri boýunça ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek, kooperasiýany we bilelikdäki önümçilikleri ösdürmek, şeýle hem maýa goýum hyzmatdaşlygynyň täze mehanizmlerini döretmek boýunça esasy ylalaşyklary özünde jemleýän bilelikdäki beýannama gol çekildi.

