«Time» žurnaly «emeli aň tehnologiýasynyň arhitektorlary» umumy ady bilen tanalýan topary «2025-nji ýylyň adamy» diýip yglan etdi. Redaksiýa emeli aňyň şu ýyl geljegiň abstrakt tehnologiýasy bolmagyny bes edip, bilime, biznese, senagata we durmuşyň ähli ugurlaryna täsirini ýetirmek bilen, gündelik hakykata öwrülendigini belledi.
«Time» žurnalynyň dekabr aýyndaky sanynyň «Gökdirän binadaky günortanlyk nahary» atly meşhur suratyň äheňinde bezelen daşky sahypasynda şäheriň ýokarsyndaky polat diregiň üstünde oturan telekeçiler Ilon Mask we Mark Sukerberg, «AMD-niň» baş direktory Liza Su hem-de «Google» kompaniýasyna degişli «DeepMind» emeli aň kärhanasynyň baş direktory Demis Hassabis, şeýle-de «Nvidianyň» ýolbaşçysy Jensen Huang, «OpenAI» şereketinden Sem Altman, «Anthropicden» Dario Amodeý we «ImageNeti» esaslandyryjy Feý-Feý Li suratlandyryldy.
Amerikanyň «Time» jemgyýetçilik-syýasy žurnaly 1927-nji ýyldan bäri her ýylyň dekabr aýyndaky sanynda tamamlanyp barýan ýylyň adamyny yglan edýär we onuň suratyny žurnalyň daşky sahypasynda ýerleşdirýär. 2024-nji ýylda «Time» žurnaly ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampy «Ýylyň adamy» diýip yglan edipdi.