Türkmenistanyň Maýa goýum forumyna hasaba aldyrmagyň türkmen delegatlary üçin ýörite şertleri

MilliInfo

Türkmenistanyň Maýa goýum forumy 2025-iň (TIF 2025) guramaçylyk komiteti türkmen delegatlary üçin ýörite bahalaryny yglan edýär. Şunlukda, Türkmenistandan bolan gatnaşyjylar 2025-nji ýylyň 4-nji sentýabryna çenli aşakda bellenen ýeňillikli nyrhnama boýunça bellige aldyryp bilerler:

  • Ýuridiki şahslar — 3000 manat (5000 TMT nyrhyň ýerine)

  • Fiziki şahslar we telekeçiler — 2000 manat (5000 TMT nyrhyň ornuna)

Galyberse-de, delegatlar 3000 manada çenli serişde tygşytlamak mümkinçiligine eýe bolarlar we sebitiň esasy maýa goýum meýdançasyna gatnaşyp bilerler.

Delegat hökmünde bellige aldyrmak üçin «tif turkmenistan.com» saýtyna giriň we «Hasaba alyş» düwmesine basyň. Hasaba alyşyň ahyrky möhleti — 2025-nji ýylyň 4-nji sentýabry.   

Gatnaşmagyň artykmaçlygy:

  • halkara maýa goýujylar, top-menejerler hem-de hökümet wekilleri bilen pikir alyşmaga göni elýeterlilik;

  • energetika, ulag, logistika, «ýaşyk» ykdysadyýet hem-de sanly öwrülişik boýunça strategiki sessiýalara gatnaşmak;

  • biznesiň ösüşinde täsirli hyzmatdaşlyklary we ylalaşyklary gazanmak mümkinçiligi.

Çärä degişli maglumatlar

  • Seneler: 2025-nji ýylyň 18–19-njy sentýabry

  • Geçirilýän ýeri: «Ýyldyz» myhmanhanasy, Aşgabat

  • Web-saýt: tif-turkmenistan.com/ru

  • Guramaçylar: Türkmenistanyň Hökümeti, Maliýe we ykdysadyýet ministrligi, Daşary işler ministrligi.

Aragatnaşyk ulgamlary

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo