Ýük göterijiligi 6100 tonna bolan gury ýük gämileriniň ikisini gurmak boýunça durmuşa geçirilýän taslamanyň çäklerinde «Balkan» gämi gurluşyk we gämi abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň tehniki gözegçilik we barlaghana bölüminiň hünärmenleri I we II derejeli dargamaýan usully hil barlaglary (NDT) boýunça şahadatnamalary aldylar.
Zawodyň hünärmenleri ultrases (UT) we magnit toz (MT) barlag usullary boýunça şahadatnamalara eýe boldular. Bu barlag usullary kebşirleme işleriniň ýokary hilini üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedir. Çünki ol gurulýan gämileriň ygtybarlylygy we howpsuzlygy üçin örän möhüm şertdir.
«Balkan» zawodynyň işgärleriniň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagy zawodyň gämi gurluşygy pudagynda iň ýokary halkara ülňülerine laýyk derejede işlemäge ymtylýandygyny görkezýär hem-de guruljak gämileriň degişli kämil hil talaplaryna doly laýyklykda amala aşyryljakdygynyň kepili bolup durýar.