Sebitdäki öňdebaryjy türk konglomeratlarynyň biri bolan «Çalık Holding» 2025-nji ýylyň 18–19-njy sentýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Awaza» sport toplumynyň Konferens-merkezinde geçiriljek Türkmenistanyň Maýa goýum forumynyň (TIF 2025) baş hyzmatdaşlarynyň biri bolar.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Eziz Doganlar» hojalyk jemgyýeti bolsa Türkmenistan Maýa goýum Foruma (TIF 2025)-nyň «Altyn» hemaýatkäri (Gold Sponsor) bolar.
1981-nji ýylda esaslandyrylan «Çalık Holding» häzirki wagtda energiýa, gurluşyk, magdan, dokma we maliýe ýaly pudaklarda mynasyp ornuny saklap, 30-dan gowrak ýurtda iş alyp barýar. Ol garaşsyzlygyny gazanany bäri Türkmenistanyň gurluşyk, infrastruktura, energiýa we dokma pudaklarynda möhüm taslamalara gatnaşyp gelýär. Onuň bu ugurdaky esasy kompaniýalary: «Gap İnşaat», «Çalık Enerji» we «GAP CLK Worldwide».
«Eziz Doganlar» hojalyk jemgyýeti bolsa dört ýyldan az wagtyň içinde Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda keramiki bezeg plitalaryny we sanitariýa-tehniki önümleri öndürýän zawodyny gurdy. Kärhana işe girizilen dessine ýurduň dürli gurluşyk taslamalaryny durmuşa geçirdi hem-de ilaty ýokary hilli gurluşyk önümleri bilen doly üpjün edip başlady.
Ozal habar berşimiz ýaly, öňde boljak ähmiýetli forumy Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi hem-de Daşary işler ministrligi guraýar. Forum işewürligiň, döwlet edaralarynyň we halkara maýa goýum jemgyýetiniň wekillerini birleşdirip, ösüş mümkinçiliklerini we hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik döredýär.

