Sport we ekologiýa diplomatiýasy: «Awazada» Hazar deňziniň güni mynasybetli dostlukly ýaryşlar geçirildi

MilliInfo

12 Awgust, 2026

Sport we ekologiýa diplomatiýasy: «Awazada» Hazar deňziniň güni mynasybetli dostlukly ýaryşlar geçirildi

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda kenarýaka woleýboly we futbol boýunça dostlukly ýaryşlar geçirildi. Sport çäreleri işjeň dynç alyşy, sagdyn durmuş ýörelgesini we halkara gatnaşyklaryň berkidilmegini özünde sazlaşykly jemledi.

Ýaryşlaryň gatnaşyjylary hökmünde Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň diplomatlary we işgärleri, halkara guramalaryň wekilleri, şeýle hem ýurdumyzyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň hünärmenleri boldular.

Bu sport baýramy Hazar deňziniň gününe hem-de 12-nji awgustda «Awazada» öz işine başlan «Hazar deňziniň ekoulgamyny goramak: sebit hyzmatdaşlygy we durnukly ösüş» atly ylmy-amaly maslahatyň açylmagyna bagyşlandy.

Ähli oýunlar dostlukly äheňde geçdi. Şeýle çäreler döwletleriň we halkara guramalaryň arasyndaky ekologiýa-sport gepleşigini hem-de hyzmatdaşlygy has-da berkidýär.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info