Türkmenistanyň Sport tanslary federasiýasynyň açyk çempionaty: Ajaýyp ýaryş gatnaşyjylara hem-de janköýerlere garaşýar

MilliInfo

2 sagat öň

31-nji maýda Türkmenistanyň Sport tanslary federasiýasynyň açyk çempionaty geçiriler. «Jahan» döredijilik merkezinde geçiriljek ýaryş topalaýyn hem ýekelikdäki (1x1) görnüşler boýunça ýaýbaňlandyrylar.

Türkmenistanyň Sport tanslary federasiýasynyň ýaryşyň guramaçylygy boýunça jogapkär wekili hem baş tälimçisi Muhammet Baýramgulyýew ildeşlerimizi owadan hereketleriň sazlaşygyny utgaşdyrýan sport görnüşinden geçiriljek ýaryşa tomaşa etmäge çagyrýar. Gyzykly ýaryşlara tomaşaçy hökmünde gatnaşmak tölegsiz bolar.

Häzirki wagtda ýaryşa gatnaşjak toparlaryň 6-sy bellige alyndy. Şeýlelikde, öz başarnygyny synamak isleýän toparlardyr türgenler ýaryşa gatnaşmak boýunça ýüz tutup bilerler. Munuň üçin olar guramaçylyk toparyna bellige aldyrmalydyrlar. Hasaba almak 30-njy maýa çenli açyk bolar.

Bellige alnan toparlar ýaryşlaryň öňüsyrasynda degişli ýaş toparlaryna bölünerler. Bu bolsa açyk birinjiligiň dürli ýaş derejelerinde oglanlaryň we gyzlaryň arasynda geçiriljekdigini aňladýar.

Bu birinjilik öňde boljak sport tanslary boýunça halkara ýaryşlaryň saýlama tapgyry bolar.

Gatnaşmak isleýän taraplar görkezilen aragatnaşyk ulgamlary arkaly habarlaşyp bilerler:

Telefon beldileri:   

  • +99365019969

  • +99361019969

Instagram: batly_sil_breaking

El.poçta: bboy.muhammetali@gmail.com

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info