Türkmenistanyň welosport boýunça milli ýygyndysynyň türgeni Sewinç Gutlymyradowa «Abu Dhabi Gran Fondo Week 2024» halkara welosiped ýaryşynda üstünlikli gatnaşandygy üçin, Abu-Dabi Sport Geňeşiniň (Bike Abu Dhabi) baýragy bilen sylaglandy.
Baýrak gowşurylyş dabarasy Aşgabatda geçirildi. Oňa Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky ilçisi Ahmed Al-Hameli gatnaşyp, baýragy resmi ýagdaýda gowşurdy. Bu çärä Türkmenistanyň Welosport federasiýasynyň başlygy Döwlet Annaýew hem gatnaşdy.
Ýeri gelende bellesek, bu iri sport ýaryşy 2024-nji ýylyň 16-njy noýabrynda Abu-Dabide geçirilip, 70-den gowrak döwletden 1000-den gowrak welosipedçini jemledi. Gatnaşyjylar 150 kilometrlik aralygy geçdiler. Ýaryşyň umumy baýrak gaznasy 2 million dirhama (takmynan 550 müň ýewro) deň boldy.