2026-njy ýylyň birinji çärýegi: Türkmen türgenleri halkara ýaryşlarynyň 123 medalyna eýe boldular

MilliInfo

6 sagat öň

2026-nji ýylyň birinji çärýeginde Türkmenistanda bedenterbiýäni, sporty, halkara sport hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça işler dowam etdirildi. Türgenlerimiz halkara ýaryşlarda ýokary netijeleri görkezip, jemi 123 medal gazandylar. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly mynasybetli ylmy-amaly maslahatlar, dürli çäreler guraldy. Bu barada 3-nji aprelde geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hasabat bilen çykyş eden wise-premýer B.Mämmedow belledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň bilim, ylym, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynda netijeli işleri alyp barmagyň, orta hem-de ýokary okuw mekdeplerinde sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanmagyň, mekdep okuwçylarynyň, talyplaryň arasynda halkara bäsleşikleri, olimpiadalary geçirmegi dowam etdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz wise-premýere saglygy goraýyş ulgamynyň işini yzygiderli kämilleşdirmegi, ýaşlaryň sagdyn durmuş kadalaryna eýermegi üçin degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Mejlisiň dowamynda Arkadagly Gahryman Serdarymyz 7-nji aprelde Bütindünýä saglyk gününiň giňden bellenip geçiljekdigini, ýurdumyzda sporty ösdürmäge, sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmaga uly ähmiýet berilýändigini belledi. Pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylary we mähriban halkymyzy Bütindünýä saglyk güni bilen tüýs ýürekden gutlady. Mejlise gatnaşyjylar hem hormatly Prezidentimizi, Gahryman Arkadagymyzy Bütindünýä saglyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutladylar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info