Ministrler Kabinetiniň geçen hepdäniň anna güni geçirilen mejlisinde wise-premýer B.Mämmedowyň habar berşi ýaly, sportuň görnüşleri boýunça ýurdumyzyň milli ýygyndy toparlarynyň agzalary şu ýylyň 4 dört aýynda ýaýbaňlandyrylan halkara ýaryşlarda jemi 169 medal gazandylar.
Aprel aýynda Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlary ýurdumyzyň medallar gaznasyny 46 medal bilen baýlaşdyrdylar. Mundan başga-da, Bütindünýä saglyk güni mynasybetli Aşgabat şäherinde köpçülikleýin welosipedli ýöriş, Arkadag şäherinde we welaýatlarda medeni-sport çäreleri geçirildi. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly mynasybetli ylmy-amaly maslahatlar, dürli çäreler guraldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ylym, bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynyň işini talabalaýyk ýola goýmagyň, saglygy goraýyş edaralarynyň işini yzygiderli kämilleşdirmegiň, sport desgalaryny netijeli dolandyrmagy üns merkezinde saklamagyň, bilim edaralarynda ýaşlara döwrebap ylym-bilim bermek, innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan, giň gözýetimli ýaşlary ýetişdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini aýtdy