Türkmen türgenleri 2026-njy ýylyň ýedi aýynda 471 medal gazandylar

MilliInfo

3 Awgust, 2026

Türkmen türgenleri 2026-njy ýylyň ýedi aýynda 471 medal gazandylar

Şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda Türkmenistanyň türgenleri halkara ýaryşlarda 471 medal gazandylar. Bu barada wise-premýer B.Mämmedow ýurdumyzyň 2026-njy ýylyň ýedi aýy boýunça durmuş-ykdysady ösüşiniň jemlerine bagyşlanan Ministrler Kabinetiniň mejlisinde habar berdi.

Hasabat döwründe bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, professional türgenleri taýýarlamak boýunça işleriň alnyp barlandygy bellenildi. Türkmen türgenleri iri ýaryşlarda ýokary netijeleri görkezip, diňe iýul aýynda 56 medal gazandylar. Şunlukda, Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlarynyň şu ýylyň ýedi aýynda gazanan medallarynyň sany 471-e ýetdi.

Hasaby diňlän hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ylym-bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynda netijeli işleri durmuşa geçirmegiň möhümdigini nygtady. Şol bir wagtda okatmagyň hilini ýokarlandyrmak we lukmançylygy yzygiderli döwrebaplaşdyrmak üçin netijeli işleri geçirmegiň zerurdygyna üns çekildi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere sporty ösdürmäge aýratyn üns bermegi tabşyrdy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info