Dünýä ähmiýetli forum tamamlandy: Baýdaklar düşürildi, maksatlar kesgitlendi

MilliInfo

Düýn — 8-nji iýulda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň öz işini tamamlamagy mynasybetli baýdak düşürmek dabarasy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň we BMG-niň resmi wekiliýetleriniň agzalary gatnaşdylar.

Ýeri gelende bellesek, Milletler Bileleşiginiň tutuş adamzat ähmiýetli möhüm çäreleri dabaraly baýdak düşürmek dabarasy bilen tamamlanýar. Ol çäräni kabul eden ýurda oňa gatnaşyjylaryň bildirýän ýokary hormatynyň we hoşallygynyň nyşanydyr. Bu halkara forum deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň zerurlyklarynyň, ýüzbe-ýüz bolýan meseleleriniň çözgütlerini işläp taýýarlamak üçin hem amatly meýdança boldy.

Dabarada çykyş eden Türkmenistanyň wekiliýet ýolbaşçysy — Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowyň nygtaýşy ýaly, maslahatyň geçirilýän günlerinde Awaza raýdaşlygyň we hyzmatdaşlygyň merkezine öwrüldi, bu ýerde geçirilen çärelerde bolsa Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan yglan edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň düýp mazmuny öz beýanyny tapdy.

«Türkmenistan bu halkara ähmiýetli forumy kabul edendigine buýsanýar» diýip, wise-premýer, ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy belledi hem-de maslahata gatnaşyjylaryň ählisine hoşallyk bildirdi.

Wekilçilikli maslahatyň jemleýji dabarasynda çykyş etmek üçin BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary Rabab Fatima forumyň ýokary guramaçylygy we bildirilen myhmansöýerlik üçin hormatly Prezidentimize hem-de Türkmenistanyň Hökümetine hoşallygyny beýan edip, Awazanyň DÇBÖBD üçin durnukly ösüşe bolan umydyň we umumy maksada ymtylyşyň nyşanyna öwrülendigini, bu ýerde geçirilen forumyň halkara jemgyýetçiligiň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň 32-sinde ýaşaýan 600 milliona golaý adamyň abadançylygy ugrundaky tagallalaryny birleşdirendigini nygtady. Bellenilişi ýaly, forum anyk maksatlara gönükdirilip, inklýuziwligi bilen tapawutlandy.

«Baýdaklaryň düşürilmegi bilen, bu möhüm halkara maslahat öz işini jemleýär. Emma bu DÇBÖBD üçin täze döwrüň, olaryň ösüşinde täze tapgyryň başlanýandygyny aňladýar. DÇBÖBD geografik taýdan çäkli mümkinçiliklere eýe bolsalar-da, olaryň ykdysady mümkinçilikleri çäksizdir. Dogry hyzmatdaşlyk, dogry maýa goýumlar we dogry goldaw bilen olar öz halklary üçin ýagty geljegi üpjün edip bilerler» diýip, Rabab Fatima belledi we foruma işjeň gatnaşandyklary, pikirlerini we tejribelerini paýlaşandyklary üçin hemmelere hoşallyk bildirdi.

Çykyşlar tamamlanandan soňra, harby orkestr dabara sazyny çalýar. Soňra dabaraly ýagdaýda Türkmenistanyň we Birleşen Milletler Guramasynyň baýdaklary düşürildi.

Awaza forumy Türkmenistanyň möhüm strategik hyzmatdaş hökmünde BMG bilen tutuş adamzadyň abadançylygyna we durnukly ösüşine gönükdirilen ählumumy başlangyçlary iş ýüzünde durmuşa geçirýändiginiň nobatdaky beýany boldy. Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG tarapyndan yglan edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň bu möhüm ähmiýetli forumy şanly waka hökmünde täze taryhy eýýamymyzyň ýyl ýazgysynda hemişelik orun alar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo