Aşgabat bilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň arasyndaky awtobus gatnawlary üçin petekleri onlaýn tertibinde satyn almak mümkinçiligi döredildi. Sanly hyzmat ýolagçylara syýahatyny öýden çykmazdan meýilleşdirmäge we petekleri birnäçe minutda resmileşdirmäge şert döredýär.
Bu ugur boýunça awtobus peteginiň bahasy 100 manat bolup, gatnawlar Aşgabat şäherindäki «Wokzal» belleniş nokadyndaky awtoduralgadan her gün irden sagat 06:00-da we 06:30-da ugraýar. Yzlygyna gatnawlar bolsa «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň Ýelkenli köçesinde ýerleşýän awtoduralgadan sagat 12:00-da we 12:30-da amala aşyrylýar.
Onlaýn petek satyn alyş ulgamy ýolagçylara diňe bir petek resmileşdirmäge däl, eýsem, awtobusdaky orunlaryň ýerleşişini görüp, öz islegiňe görä amatly orny saýlamaga hem mümkinçilik berýär. Munuň üçin ýolagçynyň şahsy maglumatlaryny, şol sanda adyny we familiýasyny girizmegi ýeterlikdir.
Hyzmatdan auh.com.tm internet saýtynyň ýa-da «Şäherara bilet» mobil goşundysynyň üsti bilen peýdalanmak mümkin. Täze sanly mümkinçilik Aşgabat bilen Awazanyň arasynda syýahat etmegi has amatly, çalt we döwrebap görnüşde guramaga ýardam edýär.
