Aşgabat — Türkmenbaşy demir ýoly toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylar

MilliInfo

16-njy ýanwarda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýer M.Çakyýew gözegçilik edýän düzümleri tarapyndan ýurdumyzyň ulag-logistika ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek, üstaşyr kuwwatyny pugtalandyrmak, halkara ulag geçelgelerindäki ornuny giňeltmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Aşgabat — Türkmenbaşy demir ýoly Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşi üçin strategik ähmiýete eýe bolup, ýurdumyzyň dürli künjeklerini Türkmenbaşy Halkara deňiz porty bilen baglanyşdyrýar hem-de milli demir ýollarymyzy «Lapis Lazuli», TRACECA, Demirgazyk — Günorta, Gündogar — Günbatar halkara ulag geçelgelerine utgaşdyrmakda esasy halka bolup hyzmat edýär. Şu nukdaýnazardan, Aşgabat — Türkmenbaşy demir ýoluny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak möhüm wezipeleriň biri bolup durýar.

Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ulag-logistika pudagyny ösdürmek, üstaşyr kuwwatyny berkitmek boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Aşgabat — Türkmenbaşy demir ýolunyň ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşi üçin strategik ähmiýetini belläp, ony döwrebaplaşdyrmak babatda taýýarlanan teklibi makullady we bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info