Argentinanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Lionel Skaloni hüjümçi Lionel Messiniň maý aýynyň ahyrynda alan myşsa şikesinden soňra dikeldiş işleriniň geçişi barada maglumat berdi. «Inter Maýami» klubynyň hüjümçisi häzirki wagtda umumy toparda türgenleşýär we 11-nji iýunda badalga aljak dünýä çempionatyna taýýarlyk görýär.
«Leonyň ýagdaýy gowy. Ol topar bilen bilelikde türgenleşdi, bu bolsa örän möhümdir. Ol doly çetleşdirilen däl we ýagdaýy barha gowulaşýar. Belki, ol ýoldaşlyk duşuşyklarynda meýdança çykar» diýip, belleýän Skaloniniň sözlerini «ESPN» neşiri hödürleýär.
Bu ýaryş Messiniň karýerasyndaky altynjy dünýä çempionaty bolar. Onuň öňüsyrasynda Argentinanyň ýygyndysy Gonduras (7-nji iýun) we Islandiýa (10-njy iýun) bilen ýoldaşlyk duşuşyklaryny geçirmegi meýilleşdirýär.
Ýatlap geçsek, 2026-njy ýylyň maýynda Messi fiziki oňaýsyzlygy sebäpli «Inter Maýami» klubynyň duşuşyklarynyň birini möhletinden öň tamamlamaly bolupdy. Soňra lukmançylyk düzümi futbolçynyň çep dyzasty siňirlerine aşa agram düşendigini anyklady.
Dünýäniň häzirki çempiony bolan Argentina ýygyndysy ýaryşyň «J» toparçasynda çykyş edip, Alžiriň, Awstriýanyň we Iordaniýanyň ýygyndy toparlary bilen duşuşar.
