Ýylyň şygaryna bagyşlanan çäreleriň estafetasyny Stambul kabul etdi

MilliInfo

5-nji fewralda Stambulyň Medipol uniwersitetinde 2026-njy ýylyň şygaryna — «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi.

Çärä Türkmenistanyň Stambuldaky Baş konsuly Ö.Jumanazarow, uniwersitetiň ýolbaşçylary we professor-mugallymlar düzümi, şeýle hem Türkiýe Respublikasynda bilim alýan türkmen talyplary gatnaşdylar.

Çykyş edenler 2026-njy ýylyň şygarynyň Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmakda we onuň halkara abraýyny ýokarlandyrmakda möhüm ähmiýete eýedigini bellediler. Ganatly bedewleriň ýurduň depginli ösüşini, belent maksatlaryny we aýdyň geljege ymtylyşyny alamatlandyrýandygy nygtaldy.

Medipol uniwersitetiniň wekilleri öz çykyşlarynda türkmen-türk gatnaşyklarynyň ýokary derejesini we durnukly ösüşini belläp, bilim we ylym ulgamynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge gyzyklanma bildirdiler.

Çäräniň dowamynda türkmen diplomatlary Medipol uniwersitetinde bilim alýan türkmen talyplary bilen duşuşyk geçirip, bu ýerde okuw hem ýaşlaryň jemgyýetçilik-medeni çärelere işjeň gatnaşmagy bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info