Stambul Ýewropanyň dynç alyş üçin iň gowy şäherleriniň bäşligine girdi

MilliInfo

1 Noýabr, 2025

Iki yklymyň çatrygynda – Aziýanyň we Ýewropanyň galtaşýan nokadynda, lowurdaýan Bosfor bogazynyň ugrunda ýerleşýän Stambul meşhur binalary, baý aşhanasy we dynç almak üçin owadan ýerleri bilen jahankeşdeleri haýran galdyrmagyny dowam etdirýär.

2025-nji ýylyň dokuz aýynyň dowamynda eýýäm 13,5 million syýahatçyny kabul eden bu ajaýyp uly şäher şu ýyl gysga dynç alyş üçin Ýewropada iň gowy ugurlarynyň arasynda mynasyp ornuny tapdy.

Abraýly «Which?» žurnaly tarapyndan geçirilen pikir soralşygyň netijesinde bu ýyl Stambul Ýewropanyň gysga möhletleýin dynç alyşlary üçin iň gowy bäş şäheriniň hataryna goşuldy.

Mundan başga-da, «Condé Nast Traveller» žurnalynyň okyjylary Stambuly abraýly «Reader’s Choice Awards» baýragynda maşgala bolup dynç almak üçin iň amatly ugurlaryň biri hökmünde ykrar etdi.

Taryhyň ıki yklymdaky genji hazynasy

Ilki bilen, Stambul sözüň doly manysynda taryhyň we medeniýetiň möwç alýan ýeridir. Döwrebap häzirki zamany we däp-dessurlary kämil sazlaşykda birleşdirýän özüne çekiji şäher, müňýyllyklaryň dowamynda höküm süren imperiýalardan kemala gelen baý medeni mirasy bilen bellidir.

Medeni gurşawa aralaşmak üçin iň amatly ýer – ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen taryhy ýarymadadyr. Göýä diýersiñ, bu ýerde wagt hereketini peseldýän ýaly Garaz, kalbyñy şeýle ajaýyp duýgular gaplap alýar. Stambulyň esasy we meşhur dünýä binalary – Aýa-Sofiýa metjidi we Gök metjidi, Bazilika Sisternasy hem-de Topgapy köşgi ajaýyp şäheri has-da bezeýär.

Golaýynda ýerleşýän Müsür bazary (aşhanada ulanylýan ysly tagam beriji goşundylaryň satylýan ýeri) reňkleriň, yslaryň we sesleriň joşguny bilen gelýänleri haýran galdyrýar. Bu asyrlarboýy gülläp ösen şäherde bady ýatmaýan söwda wagtyň täsir etmeýändiginiň beýanydyr.

Bosfordan döredijilikli häzirki zamana

Şäheriň taryhy merkezi bilen tanyşanyňyzdan soň, indiki günüňizi Bosfor bogazyny öwrenmäge we Stambulyň gülläp ösýän medeni we sungat sahnasyna bagyşlap bilersiňiz.

Bogazdaky gämi gezelenji, onuñ iki tarapynyň ugrunda-da uly şäheriň gaýnap-joşýan durmuşyny synlamaga, dünýäde iki yklymda ýerleşýän ýeke-täk şäherde bolmagyň jadysyny duýmaga mümkinçilik berer.

Güýz paslynda Bosforda ýerleşýän inçeden syratly kenarýaka jaýlary, tolkunlaryň üstünde gaýyp barýan çarlaklary we şäheriň suduryny emele getirýän metjitleri, köşkleri we diňleri has-da owadan hem adaty bolmadyk tarapdan synlamak bolýar.

Kenara düşeniňizde, şäheriň döredijilik dünýäsini her ädimde, ýagny Istiklal köçesinden tä Galataportyň maýyl ediji kenaryna we Garagöýüň özboluşly medeni künjeklerine çenli duýarsyňyz: dar köçeleriň ugry kafelerden, muzeýlerden, sungat galereýalaryndan we kiçeňräk dükanlardan doludyr.

Stambulda medeni çäreleriň möwsümi

Güýzde Stambulyň medeni durmuşy täze depginde ýaşaýar, sebäbi şäherde köp sanly çäreler guralýar.

Stambulyň Kino muzeýinde geçýän «Jeýms Kemeronyň sungaty» atly sergi meşhur režissýoryň 300-den gowrak eserini görkezýär.

Ýene-de bir hökman barmaly medeni çäreleriň biri – meşhur suratçy Stiw MakKarriniň iň meşhur taslamalaryny käbirlerini görkezýän «Hyýaly Göz» (The Haunted Eye) atly sergisidir. Sergi Mimar Sinan adyndaky inçe sungatlar uniwersitetiniň Tophane-i Amire Medeniýet we çeperçilik merkezinde 30-njy noýabra çenli işini dowam eder.

Stambulyň medeniýet we sungat gaznasy tarapyndan guralýan 29-njy Stambul teatr sungatynyň festiwaly 20-nji oktýabrda dabaraly ýagdaýda açyldy. 22-nji noýabra çenli geçirilýän festiwal Türkiýäniň we beýleki daşary ýurtlaryň wekilleriniň taýýarlan 16 sany teatr we tans eserlerini hödürleýär.

Datly tagamlar

Stambulda güýz dynç alyşyny lezzetli tagamsyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Şäherde garbanmaga ýa-da taryhy ýerlerde nahar başynda lezzet almaga ajaýyp ýer gaty kän.

Bu ýerde gündelik däp-dessura öwrülen, dürli naharlardan ybarat we ýany bilen, elbetde, simit we çigildem görnüşli bulgura guýulan gyzgyn çaý alynýan türk ertirliginden başlap, tä köçeleriň ugrunda taýýarlanylýan naharlara, mysal üçin, hoşboý ysly «kökereçe» (mazaly arassalanyp, gowrulan içegeler), «kümpire» (dürli goşundylar salnyp bişirilen ýeralma) we «midýe dolma» (içi garyndy bilen doldurylan midiýalar) çenli saýlap bolýar.

Stambul geçmişiň we şu günüň utgaşmasy, taryhyň durmuş bilen duşuşýan ýeri. Bu ýerde her bir myhman ylham beriji pursatyny tapýar.


Ýewropanyň dynç almak üçin iň meşhur şäherleriniň bäşligine Stambuldan başga-da, Krakow, Wenesiýa, Walensiýa hem-de Wena şäherleri girdi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo