Özüňizi mekdebe çenli ýaşly çagalary okatmakda professional hünärmen hasaplaýaňyzmy? Onda bu habar türs siziň üçin!
Çagalar bilen işlemegi söýýäňmi, okatmak işini gyzykly başdangeçirmä öwürmegi başarýaňmy, netijeli toparyň bir bölegi bolmak isleýäňmi? Onda «JAHAN» Bilimli Çagalar Dünýäsi» taýýarlyk mekdebi size garaşýar.
Bu ýerde size:
• agzybir we birek-biregi goldaýan işgärler topary;
• hünär taýdan ösüş we täze zatlary öwrenmek üçin uly mümkinçilikler;
• bilim bermekde häzirki zaman çemeleşmeleri, has takygy «Montessori» «EYFS», «Reggio Emilia» we beýleki bilim beriş usullary
• çagalaryň özüni bagtly duýýan we ukyplaryny açýan mähirli gurşawy garaşýar.
Bu wezipä dalaşgärlerden edilýän talaplar
Dalaşgärden kiçi ýaşly çagalar bilen işlemäge söýgi, döredijilik, kanagatlylyk we jogapkärlilik, mugallym hökmünde kämilleşmäge isleg, häzirki zaman okatmak usullaryndan başyň çykmagy hem-de türkmen, iňlis we rus dillerini erkin bilmek talap edilýär.
Salgysy: Aşgabat şäheri, «Jahan» döredijilik merkezi.
Terjimehalyňyzy şu salga iberip bilersiňiz: admissions@acis.tm