Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Kubogy başlandy

MilliInfo

14 minut öň

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Kubogy ugrundaky bäsleşige «A» toparçanyň duşuşyklary bilen badalga berildi. 

Oýun gününiň birinji duşuşygynda paýtagtymyzyň «Köpetdagy» paýtagtymyzyň Balkanabat şäheriniň «Nebitçisini» 1:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Toparçanyň beýleki duşuşygynda «Ahal» bilen «Şagadam» toparlary deňme-deň oýnadylar – 0:0.

Şu gün — 4-nji martda bolsa «B» toparça wekilçilik edýän toparlar meýdança çykarlar: «Arkadag» – «Aşgabat», U-20 – «Merw».

Ýeri gelende bellesek, Kubok bäsleşiginiň deslapky tapgyrynda toparlar iki toparçada — «A» we «B» toparçalarynda çykyş ederler. Her toparçada ilkinji iki orny eýelän toparlar ýarymfinala çykmaga hukuk gazanar. Üçünji we dördünji orunlary eýelän toparlar bolsa 5–6-njy hem-de 7–8-nji orunlar ugrunda duşuşyklary geçirerler.

Duşuşyklaryň ählisi paýtagtymyz Aşgabat şäherindäki «Aşgabat» köpugurly stadionynyň merkezi meýdanynda geçiriler.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info