«Diplomatlaryň ojagy» diýen at bilen tanalýan Moskwanyň Döwlet halkara gatnaşyklary institutynyň olimpiadasyna gatnaşmak üçin ýüztutmalar kabul edilip başlandy.
Şu ýyl oňa dürli ýurtlaryň okuwçylary, şol sanda Türkmenistanyň raýatlary hem gatnaşyp bilerler. Ýeňijiler bakalawr programmalarynda we taýýarlyk fakultetinde tölegsiz okamak mümkinçiligine eýe bolýarlar.
Mümkinçiligiňi elden gidermäň, ýetişiň: Hasaba alyş 2025-nji ýylyň 31-nji oktýabryna çenli dowam eder.
Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň Moskwa Döwlet halkara gatnaşyklary instituty Russiýa Federasiýasynyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň biridir. Ol dürli ugurlar boýunça ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlaýar.