Awazadaky Kongressler merkezinde BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty öz işine başlady

MilliInfo

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän Kongressler merkezinde  halkara ähmiýetli möhüm çäräniň — BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň açylyşy geçýär.

Foruma deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň düzümine girýän 32 ýurduň döwlet hem-de hökümet Baştutanlary, abaýly halkara hem-de sebit guramalarynyň ýolbaşçylary gatnaşýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen topragyna gelýän hormatly myhmanlary mähirli garşylaýar. Wekiliýetleriň ýolbaşçylarynyň türkmen myhmansöýerliginiň ruhunda kabul edilmegi, mähirli garşylanmagy Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga taýýarlygynyň hem-de açyklygynyň nyşanyna öwrülýär.  

Mundan başga-da, maslahata gatnaşýan ýurtlaryň agzybirliginiň we durnukly ösüşiň derwaýys meselelerini bilelikde çözmek islegleriniň aýdyň beýany hökmünde bilelikde surata düşülýär.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo