Golaýda Türkmenistanyň Futbol federasiýasy bilen Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň bilelikde guramagynda ýaş eminleri ýüze çykarmak hem-de taýýarlamak boýunça okuw maslahatyna badalga berildi.
Institutyň okuw binasynda geçirilýän bu okuw maslahatyna eminlik ýoluny saýlap alan 30-a golaý talyp gatnaşýar. Olar eminligiň inçe tilsimlerini TFF-niň eminler bölüminiň başlygy Çarymyrat Gurbanowdan, federasiýanyň futzal boýunça hünärmeni Wadim Baratowdan hem-de institutyň baýry mugallymy, halkara derejeli emin Kakabaý Seýdowdan öwrenýärler.
Okuwy üstünlikli tamamlan ýaşlar geljekde ýurdumyzyň futbol çempionatynda, Kubok ýaryşlarynda hem-de Naýbaşy futzal ligasynda eminlik etmäge mümkinçilik alarlar.