Aşgabatda Türkmenistanyň Futbol federasiýasy tarapyndan guralýan futzal boýunça Naýbaşy liganyň jemleýji bölegine badalga berildi.
Ýaryşyň ahyrky bölegine 5 futzal topary gatnaşýar: Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň «Köpetdag» sport toplumynyň «Köpetdag» topary, Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň «Deňizçi» kluby, Türkmenistanyň «Senagatbank» paýdarlar täjirçilik bankynyň «Senagatbank» topary, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň «Migrasiýa» kluby we Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň «TNGIZT» topary.
4-nji oktýabrda geçirilen duşuşyklaryň netijeleri:
«Köpetdag» — «TNGIZT» — 6:3
«Deňizçi» — «Migrasiýa» — 1:1
Üç aýlawdan ybarat bolan ýaryşyň Aşgabat tapgyry Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport zalynda geçirilýär. Ähli janköýerleri Naýbaşy liganyň oýunlaryna tomaşa etmäge çagyrýarys! Giriş mugt. Her gün 2 duşuşykdan ybarat bolan oýun gününiň birinji duşuşygy sagat 14:00-da, ikinji duşuşygy bolsa 16:00-da başlanar.
Duşuşyklaryň geçiş tertibi:
