«Lexus RX 2026» satuwa çykaryldy

MilliInfo

23 Sentýabr, 2025

Hytaýda «Lexus RX» awtoulagynyň 2026-njy ýyl üçin niýetlenen täze nusgalarynyň söwdasy başlandy. Krossower alty görnüşde hödürlenýär: iki sany «Lexus RX 300 4WD», üç sany «Lexus RX 350h 2WD» we iň ýokary derejedäki «Lexus RX 500h F Sport Performance». Bahalary bolsa takmynan 52 müň amerikan dollaryndan başlap, 84 müň 800 dollara ýetýär.

Täze awtoulagyň daşky görnüşi öňki modeller bilen meňzeş bolup, onuň tanalýan dizaýny saklanyp galypdyr. «Black Edition» atly täze görnüşinde birnäçe bölek — yzky aýnalaryň örtükleri, penjire çitleri we beýleki bezegler gara reňk bilen bezelipdir.

Ulagyň ähli görnüşlerinde 14 dýuýmlyk sensor ekrany bolup, iň täze «Lexus» modelinde «Howpsuzlyk ulgamy+ 3.0» ornaşdyrylandyr.

«Lexus RX 2026-nyň» gabarasy, ýagny ölçegi: uzynlygy — 4890 millimetr, ini — 1920 millimetr, beýikligi — 1695 millimetr, tigir bazasy (binýady) bolsa 2850 millimetr.

Esasy görnüşinde ulag 247 at güýjünde bolan 2,0 litrlik turbomotor we 8 basgançakly awtomat geçiriş gutysy bilen enjamlaşdyrylandyr.

Gibrid görnüşinde 2,5 litrlik hereketlendiriji ulanylyp, umumy güýji 250 at güýjüne ýetýär. Iň ýokary derejeli gibrid görnüşinde bolsa 2,4 litrlik turbomotor we 6 basgançakly awtomat geçiriji ornaşdyrylyp, onuň güýji 371 at güýjüne barabrdyr.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo