«Dongfeng Nissan» kompaniýasy iki täze modeliň çykarylýandygyny habar berdi. Şolaryň biri «N6» sedany — «Tianyan» arhitekturasyna esaslanýan ilkinji energiýa berilýän gibrid awtoulag bolsa, ikinjisi täzelenen «Teana» — markanyň «Huawei HarmonySpace 5» maglumat-güýmenje ulgamy bilen enjamlaşdyrylan birinji benzin modeli. Iki awtoulag hem 2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde satuwa çykarylar.
«Nissan N6-nyň» önümçiligi kompaniýanyň Guançžou şäherindäki zawodynda amala aşyrylyp başlandy. Täze model «N7-den» kiçiräk dizaýny miras aldy — öňi dar «7-lik» sanyň görnüşinde yşyklar bilen bezelen.
Awtoulagyň güýçlendiriji ulgamy 1,5 litrlik NR15 atmosferaly benzinli motor bilen 21,1 kWt·s kuwwatly akkumulýatory birleşdirýär. «CLTC» ölçegi boýunça diňe elektrik energiýasy arkaly hereket edip bilýän aralygy 150 kilometrden geçýär.
Kompaniýanyň Sýanýanedäki zawodynda täze «Teana» sedanynyň önümçiligi hem başlandy. Awtoulagyň öňki bölegi dolulygyna täzeden dizaýn edilip, garaldylan radiator gözenegi bilen bezelendir.
Salon böleginde «Huawei HarmonySpace 5» maglumat-güýmenje ulgamynyň hem-de «Huawei Sound» ses ulgamynyň ornaşdyrylandygy bellenilýär. Motoryň astynda bolsa 243 at güýjüne eýe bolan «2.0T VC-Turbo» hereketlendiriji ýerleşýär. Ol sekiz basgançakly geçiriş düzgünini utgaşdyrýan wariator bilen enjamlaşdyrylypdyr.

