4-nji aprelde Türkmenistanyň futbol boýunça Ýokary ligasynyň täze möwsümine resmi taýdan badalga berler. Nobatdaky çempionatda dört aýlaw boýunça sekiz topar — «Arkadag», «Ahal», «Altyn Asyr», «Şagadam», «Nebitçi», «Aşgabat», «Merw» we «Köpetdag» çykyş eder.
Çempionatyň birinji hem-de ikinji aýlawlarynyň duşuşyklary 2026-njy ýylyň 4-nji apreli bilen 20-nji iýuny aralygynda geçiriler. Üçünji we dördünji aýlawlaryň oýunlary bolsa möwsümiň ikinji ýarymynda dowam etdiriler.
Täze möwsümiň ilkinji gününde, 4-nji aprelde «Ahal» bilen «Köpetdag», şeýle hem «Şagadam» we «Nebitçi» toparlary özara güýç synanyşarlar. Ertesi gün, 5-nji aprelde «Arkadag» — «Merw» hem-de «Altyn Asyr» — «Aşgabat» toparlarynyň arasyndaky duşuşyklar geçiriler.
Ýeri gelende bellesek, geçen möwsüm Türkmenistanyň çempionaty «Arkadag» toparynyň ýeňşi bilen tamamlanypdy. «Ahal» topary kümüş medala mynasyp boldy, «Altyn Asyr» bolsa üçünji orny eýeledi.