«Startup World Cup Regional Ashgabat 2026»: esasy pitç-waka myhmanlary hasaba almak başlandy

MilliInfo
«Startup World Cup Regional Ashgabat 2026»: esasy pitç-waka myhmanlary hasaba almak başlandy

19-njy sentýabrda Aşgabatda «Startup World Cup Regional Ashgabat 2026» ýaryşy geçiriler.

Bu diňe bir bäsleşik däl, eýsem, täze ideýalary görmäge, telekeçiler bilen tanyşmaga, bilermenler toparynyň öňünde pitçleri (tanyşdyryşlary) diňlemäge we startap-ekoulgamynyň hakyky ruhuny duýmaga mümkinçilik berýän çäredir.

Ýeňiji bolsa San-Fransiskoda ählumumy sahnada çykyş etmäge we 1 million ABŞ dollary ugrunda göreşmäge mümkinçilik alar.

  • Başlanýan wagty: sagat 14:00-da

  • Ýeri: «Bilelik Hub» döredijilik merkezi

  • Salgysy: «Ashgabat Mall» söwda merkezi, C blok, Seýdi köçesi, 70/1, Aşgabat @bilelik_hub

Myhmanlar üçin giriş mugt, ýöne ýerleriň sany çäklidir.

Şu salgy (ssylka) arkaly ýa-da +993 61 13 09 29 telefon belgisi boýunça hasaba duruň.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info